Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Beýik alymyň işlerinde dermanlyk ösümlikleriň beýany
  16.03.2024
297
Beýik alymyň işlerinde dermanlyk ösümlikleriň beýany

Melhemler mekany, dermanlyk ösümlikleriň mesgeni bolan sahawatly türkmen topragymyzda derde derman, köp görnüşli ösümlikler bitýär. Olaryň ählisi-de ynsan saglygy üçin tapylgysyz baýlykdyr. 

 

Türkmenistan ýurdumyzda  lukmançylygyň  nyşanynda  üzärligiň  şekili  ýerleşdirilendir. Üzärlik  türkmen  halk  tebipçiliginde  we  ylmy  lukmançylykda  keselleriň  50-den  gowragynyň  garşysyna  ulanylýar. Ösümligiň  dermanlyk  häsiýetleri  baradaky maglumatlar Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk  ylmynyň  kanunlary” diýen  eserinde duş gelýär. Onda ýüzärligiň tohumyny göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň  garşysyna  serişde, umumy  gyjyndyrjy  serişde  hökmünde  peýdalanyp boljakdygy barada beýan edilipdir.  Ýüzärlikde antibakteriýal madda saklanýandygy sebäpli, onuň ekstraktyndan düri  antibakteriýal önümleri  taýýarlap bolýar we antibakteriýal maddalaryň köp  bölegi-de onuň tohumjyklarynda saklanýar. 

 

Has gadymy dermanlyk ösümlikleriň sanawynda orun alan görnüşleriň ýene biri hoz agajydyr. Abu Aly ibn Sinanyň “Şypanama” diýip atlandyrylan işinde hozy dürli keselleriň bejergi serişdesi hökmünde ulanmak maslahat berilýär. Hozuň ýaşyl miweýanyndan taýýarlanylan toşaba ary balyny goşup peýdalanylanda diş etiniň gan akmasyny aýyrýar. Halk lukmançylygynda hoz agajy dürli-dürli maksatlar üçin peýdalanylýar. Şeýle hem ony süýji keselinde ulanýarlar. Hozuň ýapragyndan taýýarlanan çaýy süýji keselinde ulanylýar. Hozuň maňzyny azyklyk üçin täze we guradylan görnüşinde peýdalanylýar. Ýapragynda 2250-4500 mg%-e çenli С, P, B, witaminler, 0,33 mg% karotin, 0,01-0,03% efir ýagy, 3-5% eý maddasy, kwersetin giperozidi we kemiferol flawonoidler, hinonlar, fenil-karbon turşulyklar, reňk beriji ýuglon saklanýar. Hozuň ýapragynda C witaminiň mukdary ýokarydyr. Miweýanynyň ýaşyl gabygy askorbin turşusyna baý - 3000 mg%-e çenli, karatin - 25000 mg%. Hoz maňzy örän gymmat bahaly önüm, onuň düzüminde 75%-e çenli ýag, 20% töweregi beloklar, 7-16% uglewodlar, 30-50 mg% C, 0,3 mg% B1 witamini, karotin we beýleki E, P witaminleri, şeýle hem demriň hem koboltyň duzlary girýär. 

 

Mundan 2800 ýyl ozal hem belli bolan, grek alymy, lukman Gippokratyň hem lukmançylyk işinde giňden ulanylan ösümlikleriň biri-de buýandyr. X asyrda ýaşap geçen Lukman Hekim Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabynda buýanyň dermanlyk häsiýetleri dogrusynda bellenip geçilipdir. Beýik alym oňa peýdaly häsiýetleriniň diýseň köplügi üçin “altyn kök” adyny beripdir. Düzüminde saharoza, glýukoza, pektin maddalary, askorbin kislotasy ýaly peýdaly maddalar, ýokumly minerallar, ençeme biologiki işjeň maddalar, beden üçin möhüm elementler, witaminler, flawonoidler, efir ýaglary, saponinler saklanýan buýandan taýýarlanan dermanlar dürli keselleri bejermekde peýdalanylýar. 

 

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda hem türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler, olaryň dermanlyk häsiýetleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Melhemler mekany bolan sahawatly topragymyzda bitýän jana derman, şypaly, her biri-de müň bir derdiň dermany bolan dermanlyk ösümlikler biziň baýlygymyzdyr. 

 

Gözel KURBANOWA, 

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby