Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda “Ak şäherim Aşgabat” sergisi geçirilýär ✦ ✦ Halkara energetika hyzmatdaşlygy — ösüşiň binýady ✦ ✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Beýik döwre buýsanç bilen bagtyýardyr ýaşlaň Watan!
  21.02.2023
797
Beýik döwre buýsanç bilen bagtyýardyr ýaşlaň Watan!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň kämil pähim-paýhasyndan özgerýän ýurdumyzda bagtyýar ýaşlara, olaryň aýdyň geljegine we ýurdumyzyň ösüşlerindäki üstünliklerine aýratyn orun berilýär. Şeýle möhüm orna, belent ynama ygrarly türkmen ýaşlary bagta gujak gerýän nurana ýollarda batly gadamlar bilen öňe barýarlar. Eziz ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilmegi, ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi, okamagy, öwrenmegi we hünär edinmegi üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Şanly ýylymyzyň şygarynyň hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň özünde-de aýratyn many-mazmun jemlenen. Ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen şekiller hem Türkmenistan döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, oňyn özgertmelere tarap ymtylyşyny, ýaşlaryň watançylyk duýgusynyň has-da ösýändigini alamatlandyrýar. Ýaşlar jemgyýetiň iň bir işjeň bölegi bolmak bilen, olaryň umman ýaly joşgunly, hyjuwly ýürekleri, buýsançly kalplary gazanylýan üstünlikler bilen utgaşyp, ýurdumyzyň ösüşlerine ösüş goşýar. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi şu günki ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdikleri ikuçsuzdyr. Çünki bagtyýar ýaşlaryň kalby Watan, il-gün, mukaddes hem keramat topragymyz diýip urýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda türkmen ýaşlary belent sepgitlere ýetmek ugrunda öňde duran möhüm wezipelere goşant goşmaga çalyşýarlar. Ähli ugurlar boýunça bilim alýan ýaşlar öz hünäriniň kämil eýesi bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşmagy özleriniň mukaddes perzentlik borjy hasaplaýarlar. Bu belent borç ýaşlar üçin durmuş ýolunda şamçyragdyr. Ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary üçin, dürli ugurda üstünlik gazanmaklary üçin, jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin uly aladalar edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň ösüşlerinde ýaş ýürekleriň joşgunyny has-da artdyrýan uly mümkinçiliklere badalgadyr. Munuň özi ýaşlarda watançylyk duýgusynyň tükeniksizligini alamatlandyryp, ata Watana, Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan çäksiz alkyşy has hem goşalandyrýar! 

 

Selbi MEREDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.