logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Beýik döwre buýsanjym
  06.06.2023
884
Beýik döwre buýsanjym

Ajaýyp döwürde ýaşaýan bagtyýar türkmen halky bu gün taryhyň sahypalarynda altyn harplar bilen ýazyljak şanly  wakalara gözli şaýat bolýar. Döredilýän, gurulýan, gurply, kuwwatly döwletde ýaşaýandygymyza  buýsanýarys. Bu hakykat Köpetdagyň eteginiň taryhy we gözel künjeginde gurulýan Arkadag şäheriniň mysalynda has aýdyň ýüze çykýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurulýan «akylly» öýleri  we tilsimatlary öz içine alýan bu şäher täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhunyň  beýanydyr, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýüze çykmasydyr.

Berkarar döwletiň  täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ýaşamak, asylly kärde zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerine  goşant goşmak paýynyň miýesser edendigi üçin özümizi juda bagtly saýýarys. Şeýle bagtyýar durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyza  we Arkadagly Serdarymyza  alkyşlarymyz çäksizdir. 

 

Pirmuhammet ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşygynyň Kaka etrap 
Geňeşiniň başlygy.