Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Beýik ösüşlere beslenýän ýurdum
  11.08.2021
247
Beýik ösüşlere beslenýän ýurdum

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde aý-günler il-ýurt bähbitli şan-şöhratly beýik işlere beslenip gelýär. Ynha, ,,Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylýan hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek 2021-nji ýylymyz şanly wakalar bilen kalplara dolýar. Şu ýylyň 6-njy awgustynda Hormatly Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ,,Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu taryhy waka ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň badalgasydyr.

Bu forumy geçirmek bilen Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini çözüji, durmuşyň dürli ýaýrawlarynda bilelikdäki iri taslamalaryň başyny başlaýjy, goňşy hem-de beýleki döwletler bilen deňhukukly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde gatnaşyklary ösdüriji merkez hökmünde belent abraýa eýedir.

Bu duşuşugyň çäklerinde döwlet ýolbaşçylary Merkezi Aziýa sebitiniň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşip, söwda-ykdysady gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýändigi, şeýle hem ykdysady taýdan ägirt uly tebigy baýlyklara eýedigi we şol baýlyklary tygşytly ulanmak barada, energetika howpsuzlygy, halkara ulag-üstaşyr gatnawlarynyň ösdürülmegi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we möhüm çözgütleri kabul etdiler. Bu duşuşuga gatnaşan BMG-nyň wekili Natalýa German bu geçirilen çäräniň halkara ynanyşmak ýylynda ähmiýetli çäredigini belledi.

,,Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlarynyň konsultatiw duşuşugynyň” çäklerinde başgada birnäçe halkara ähmiýetli çäreler geçirildi. Ýagny ,,Ykdysady forum”, ,,Merkezi aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy”, ,,Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlarynyň halkara sergisi”, ,,Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň sergisi”, ,,Merkezi Aziýa sebitiniň ruhy medenýetine bagyşlanyp geçirilen dostluk konserti” bu geçirilen duşuşugyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Parahatçylyk, ynanyşmak halkymyzyň owaldan gelýän milli däpleriniň, ynsanperwer häsiýetleriniň biridir. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli syýasy gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleriniň giň gerime eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň bähbidi üçin alyp barýan beýik işleri rowaç bolsun, jany sag ömri uzak bolsun!