logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler
  04.05.2026
1108
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny gözden geçirdi.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Mämmedow watandaşlarymyzyň gahrymançylygyny hormatlamak maksady bilen giň gerimli medeni we jemgyýetçilik çäreleriniň taýýarlanylýandygy barada hasabat berdi. Ýurduň ähli künjeklerinde taryhy ýadygärligi gorap saklamak we parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wagyz etmek maksady bilen dürli çäreler meýilleşdirilýär.

 

Baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk başlangyçlaryna hem-de ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş ýyllarynyň gahrymançylykly sahypalaryny açyp görkezýän duşuşyklar, aýdym-saz çäreleri, sungat sergileri hem-de paýtagtdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda we ýurduň beýleki ýerlerindäki harby şöhrat ýadygärliklerinde gül goýmak dabaralary geçiriler.

 

Mejlisiň dowamynda uly ýaşly nesle sosial goldaw bermek meselesine aýratyn üns berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryna hormat goýmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

 

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşça uruş weteranlaryna hem-de tylda zähmet çeken enelere baýramçylyk sowgatlaryny gowşurmak dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi.