logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Beýik ýeňşiň 75 ýyllygy
  05.05.2020
884
Beýik ýeňşiň 75 ýyllygy

      “Türkmenistan rowaçlygyň mekany” ýylynda Kaka etrabynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň şanly 75 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň urşa gatnaşyjylaryň ýan-ýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlaryň deňsiz-taýsyz edermenligini “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşynda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran 673-nji Permany we 1742-nji Karary esasynda hem-de beýik ýeňişi hormatlamak we dabaralamak maksady bilen Kaka etrap harby wekilligi, ak sakal ýaşulylary we kümüş saçly eneleri, ýerli dolandyryş we jemgyýetçilik guramalary, harby gullukçylary, esgerler hem-de harby gulluga çagyryşa degişli raýatlar bilen, ýerli medeniýet öýünde ýokary derejede taýýarlanan aýdym-sazly medeni köpçülikleýin çäre gurnalyp, jemi etrap boýunça 67 adamdan ybarat bolan weteranlardan 8 sanysyna etrap häkimi we etrap harby wekili tarapyndan dabaraly ýagdaýda medal we sowgatlar gowşuryldy. Galan 59 sany weteranlaryň saglyk ýagdaýy sebäpli çärä gatnaşyp bilmediklere, ýaşaýan salgylary boýunça öýlerine baryp, medal we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.