logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi
  10.05.2026
244
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi

Ýurdumyzda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli paýtagtdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda gül goýmak dabarasy geçirildi.

 

Ýeňiş güni ýurdumyzda gahrymançylyk, edermenlik we watansöýüjilik ýaly belent häsiýetleri ýaş nesillerde terbiýeleýän möhüm baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Merdana ata-babalarymyzyň görkezýän gahrymançylygy Watana we halka ak ýürekden hyzmat etmegiň nusgalyk ýoludyr.

 

Parahatçylyk we asudalyk ugrunda göreşen uruş weteranlaryna ýurdumyzda uly hormat goýulýar. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

 

Türkmen halkynyň milli gahrymanlaryny sarpalamak däbi häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň edermenligi aýratyn hormat bilen ýatlanýar. Ýeňiş güni nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy berkitmek bilen, halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik we dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gahrymanlarymyzyň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyzyň uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakyndaky Permana gol çekmegi olaryň öňünde goýulýan belent hormatyň aýdyň beýanydyr.

 

Zibagözel HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.