Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Beýik Ýüpek ýoly
  02.02.2021
544
Beýik Ýüpek ýoly

 Gadymy döwürlerde, “BeýikÝüpek ýoly” söwda, işjeň duşuşyklar we gepleşikler üçin örän uly mümkinçilikler beripdir. Gadymy döwletleriň ajaýyp ösüşlerini özara baýlaşdyrmaga ýardam edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň Hytaýyň merkezi etraplaryndan başlanan ugry Aziýanyň üsti bilen Ortaýer deňziniň gündogar kenarlarynyň gämi portlaryna baryp ýetipdir.

Hytaý täjirleriniň günbatara alyp gidýan esasy harytlary ýüpekden dokalan matalar bolupdyr. Şol döwürde bu täsin matanyň taýýarlanyşynyň syry Ýewropa döwletlerine belli bolman gelýärdi, Hytaýlylar bolsa bu usuly örän ýaşyrynlykda saklapdyrlar. Hytaýdan diňe bir ýüpek däl, eýsem beýleki önümler hem alyp gidilipdir. Bu harytlar Ýewropa we Aziýa döwletleriniň bazarlarynda örän seýrek we gyt bolany üçin, geçginli bolupdyr. Ýöne her näme-de bolsa esasy geçginli haryt ýüpek bolany üçin, bu ýola “Beýik Ýüpek ýoly” diýen ady dakypdyrlar.

    Şol döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda uly we kuwwatly Beýik Parfiýa imperiýasy ýerleşipdir. Ol möhüm söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşendii sebäpli, Hytaýdan gaýdan kerwenler imperiýanyň içinden müňlerçe kilometr ýoly geçmeli bolupdyrlar. Şol wagtlar Amyderýa “Jeýhun” derýa diýip atlandyrylypdyr. Ýol bilen gelýän kerwenler Jeýhun derýasyndan geçip, Amul şäherine barypdyrlar. Amul şäheri söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi üçin, ol ýerden bir ýol Owganystana, Hindistana, beýleki bir ýol bolsa Horezme we Merwe alyp barypdyr. Ýagny, Amuldan Margiana (häzirki Mary) çenli bolan ýol geçmesi kyn bolan çägelikleriň üstünden geçipdir we ýol ugrunda süýji suwly guýular az bolupdyr.

Gadymy döwürde we Orta asyrda Merw özüniň ösen hünärmentçiligi bilen tanalypdyr. Şol ýerde merw matalary, galyplarda ýasalan gap-gaçlar satylypdyr. Orta asyrlarda Merwe “Horasan şäherleriniň enesi” diýip ýöne ýere at berilmedik. Merwden çykan kerwenler Sarahsa, soňra bolsa Nişapura (Eýran), Abiwerde, Nusaýa we Dehistana gidipdirler, şeýle-de olar Hazar deňziniň kenarlary bilen Arap ýurtlaryna baryp ýetipdirler.