logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Beýiniň peýdasy
  30.03.2024
1259
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.  


 

Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan miwe bolup, ol daş ýerlere daşalanda zaýalanmaýar. Miwelerini çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir. Miwelerinde 8,2-12,0% şeker, witamin C, pektin 0,33%-e çenli we 0,2-0,8% turşular saklanýar. Şeýle hem miwesiniň düzüminde eýleýji (dubil) maddalary, efir ýaglary saklanyp, beýi miwesine özboluşly ýakymly ys berýär. Şonuň üçin beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar.   


 

Beýi alma we limon turşulyklaryna baý bolup, ol ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýokumly maddalara baýdyr. Häzirki wagtda halk lukmançylygynda içgeçmede we içki organlardan gan gelende beýi tohumynyň gaýnadylan ergini ulanylýar. Ýürek, gan-damar keselleri sebäpli döreýän näsaglyklarda beýi atylan çaý içmek maslahat berilýär.  Aslynda beýi iýmesi kynrak miwe hasaplanýar. Sebäbi onuň daşynda tüýjümek örtükler bolandygy üçin hem diýilýär. Emma, häzirki wagtda seçgiçiligiň ösmegi bilen seçgiçi alymlarymyz beýiniň tüýjümek örtüksiz ýa-da ýylmanak görnüşlerini döretdiler.

 

Amangeldi BERDIMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.