logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Health /Beýniniň işjeňligini nädip güýçlendirmeli?!
  09.07.2022
3259
Beýniniň işjeňligini nädip güýçlendirmeli?!

    Islendik ýaşdaky adamlarda sagdyn iýmitleniş ýörelgesini berjaý etmek arkaly beýniniň işjeňligini güýçlendirip, pikirleniş ukyby artdyrmak möhümdir. Beýniniň işjeňligini güýçlendirmek üçin hünärmenler tarapyndan maslahat berilýän şu iýmitler beýniniň işjeňligini ýokarlandyryp, sagdyn pikirlenmekligi gowulandyrýar:

Hozlar

Beýniniň işjeňligini goldaýan ýokumly maddalaryň gymmatly çeşmeleriniň biri-de hozlardyr. Hoz özünde peýdaly omega-3 ýag kislotalaryny jemleýär. Ol ýag kislotalary bolsa ýatkeşligi, ünsliligi güýçlendirýär, goraýjylyk işini gowulandyrýar.

Guradylan miweler

Kişmiş, guradylan erik, alma, armyt ýaly kakadylan miweler özünde glýukozany köp saklamak bilen ýadyň  gowulaşmagyna täsir edýär. Şeýle-de guradylan miwedir ir-iýmişler beýleki emeli usulda taýýarlanylýan süýji-kökelerden tapawutlylykda sagdyn iýmitlenmegiň düzümine girýär. Olarda witaminleriň birnäçesi, kalsiý, fosfor, demir, magniý ýaly peýdaly minerallar saklanýar.

Süýt önümleri

Süýt hem-de süýt önümleri beýni dokumasynyň ösmegi, zerur bolan fermentleriň, süýt belogynyň emele gelmegi üçin möhümdir. Şeýle hem süýt önümleri uglewodlara baý bolany üçin gymmatly energiýa çeşmesidir. Geçirilen gözlegler nerw we myşsa ulgamyna peýdaly täsir edýän witaminleriň süýt önümlerinde köp saklanýandygyny görkezdi.

Ýumurtga

Towuk hem-de bedene ýumurtgasy holiniň esasy çeşmesidir. Holin maddasynyň gatnaşmagynda impulslar öýjük membranasynyň üsti bilen geçýär, lipid alyş-çalşygy kadalaşýar, bu bolsa beýni üçin möhümdir. Holin ýaşlaryň gündelik iýmitinde hökman bolmaly, çünki ol aň-bilim funksiýalaryny, ýatkeşligi gowulandyrýar, beýniniň toksinlere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Peýnir

Tebigy süýtden taýýarlanan peýniriň hili we tagamy örän tagamly bolup, ol triptofan aminokislotasynyň esasy çeşmeleriniň biridir. Bu aminokislota bedende serotoniniň öndürilmegine itergi berýär. Triptofanyň ýetmezçiligi beýniniň gan damarlarynyň daralmagyna sebäp bolýar, kellagyry peýda bolýar.

Arassa suw

Beýnimiziň 85% töweregi suw bolup, ol akyl funksiýalaryna täsir edýär. Ýaşlaryň günüň dowamynda otag temperaturasynyň derejesindäki arassa suwy köp içmekligi möhümdir. Şeýle-de bedende bolup ähli täsirleşmelerde uniwersal erediji bolup hyzmat edýär.

Gurbanmyrat Rejepow

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy