logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Bezos - dünýädäki iň baý adam!
  07.03.2024
1532
Bezos - dünýädäki iň baý adam!

“Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos, “Bloomberg” milliarderler indeksinde Elon Muskdan öňe geçip, dünýäniň iň baý adamy boldy. Jeff Bezos 200 milliard dollarlyk baýlygy bilen Muskyň 198 milliard dollarlyk baýlygyndan öňe geçdi.

 

 

 

“X” we “SpaceX” kompaniýalarynyň eýesi Elon Musk, soňky aýlarda "Tesla"-nyň paýnamalarynyň 25 göterim arzanlamagy sebäpli 30 milliard dollardan gowrak pul ýitirdi. Şeýle hem ýanwar aýynda kazyýet 55,8 milliard dollarlyk "Tesla" kompaniýasynyň birnäçe şertnamasyny ýatyrylmagy makul bildi.

 

 

 

Indi "Amazon"-y dolandyrmaýan Bezos, elektron söwda ägirtleriniň aksiýa bahalarynyň ýokarlanmagyndan hem peýdalandy. Ýakynda paýnamalaryndan 8,5 milliard dollar satsa-da, kompaniýanyň iň uly paýdary bolmagynda galýar.

 

 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, “LVMH” lýuks toparynyň fransuz baş direktory Bernard Arnault, 197 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda üçünji orunda durýar.

 

 

Mämmetberdi KİÇİGULOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby