Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Bilbil guşuñ mahmal owazy
  22.06.2022
3072
Bilbil guşuñ mahmal owazy

     Guşlaryň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, bilbiller ýekelikde ýaşamagy makul bilýärler, şonuň üçin bu guşlaryň uly toparlarynyň has yssy howa şertlerinde gyşa ýygnanýandygyny görmek mümkin däl. Bilbil üçin amatly ýaşaýyş mekany  agaçlaryñ köp bolan ýerleri  we gün şöhlesiniñ düşýän ýerleri hasaplanýar . Olar obalaryň golaýynda mesgen tutmaýarlar, ýöne şertler bar bolsa, aýdymlaryny adamlaryñ ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda hem eşitmek bolýar. Ýewropada we Sibirde ýaşaýan bilbiller, uzak aralyklary ýeňip geçip, ýyly ýurtlara gyşlamak üçin uçýarlar.

Bu guşuñ owazy islendik adamyň ýüreginde we ýadynda hemişelik galýar. Bu guşlar bilen dürli romantik wakalar baglanyşdyrylýar, sebäbi erkek bilbiller aýdymlary bilen urkaçylaryny özüne çekýär. Düzgün bolşy ýaly, öňki höwürtgelerine gaýdyp gelen we özlerine taý gözleýän “ýeke” erkek guşlaryñ aýdym aýtmagy netijesinde etrapda şeýle “aýdymlar” eşidilýär. Bu guşlaryň şeýle romantikdigine ynanmak gaty kyn. Bilbil aýdym aýtmadyk wagty olaryñ, iýmitlenýändigini ýa-da köpelýändigini bilmek bolýar. Aslynda bilbil köplenç gije aýdym aýdýar, gündizine bilbil aýdym aýdýar, ýöne göwünsizlik bilen aydýar. Bular aýdym aýdanlarynda 2 topara bölünýärler, birinji topary ýary gijä çenli aýtýarlar, ikinjisi ir säher bilen aýdyma başlaýarlar.

     Ýabany tebigatda  bilbiller 4 ýyldan köp ýaşamaýar, ýöne adamlar tarapyndan ýörite seredilip saklananda,  bilbiller 2 esse uzak ýaşaýarlar.

Gijeki guş, ajaýyp sazly sesi bilen adamlaryñ göwnünden turýanlygy sebäpli özüne hormat we söýgi gazandy. Bilbil döredijilik adamlarynyň köpüsine ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi, şonuň üçin köp şahyrlar, ýazyjylar, kompozitorlar, suratkeşler we başgalar öz döredijiliginde ajaýyp kiçijik guşy wasp etdiler.

 

Şemşat Nuryýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby