logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /BILER BOLSAŇYZ?
  29.10.2022
1210
BILER BOLSAŇYZ?

- Buzuň sowuklygy (temperaturasy) hemme ýerde deň däl. Antarktidadaky buzluklaryň temperaturasy -60°C çenli ýetýär. Çala gyzgynrak buz Grenlandiýanyň buzluklarynyň temperaturasy ortaça -28°C. Has gyzgyn buzlar bolsa Alp dagynyň depesinde ýerleşýän Buzluklardyr.

- Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky iňlisçe gürleýän adamlaryň sany Hytaýdan azdyr.

- D.I.Mendeleýew «Elementleriň periodiki tablisasyny» hakykatdanam düýşünde görendigini tassyklaýar. Emma ol, düýşündäki maglumatlary kagyz ýüzüne geçirmek üçin ömrüniň 25 ýylyny sarp etdi.

- Ortaça ululykda – göwresiniň ululygy 3 mm bolan büre 32 sm-e çenli aralyga böküp bilýär. Adam şolar ýaly ukyba eýe bolan bolsady, 2 futbol meýdançasynyň uzynlygyndaky aralyga böküp geçerdi.

- Dünýä ilatynyň ýarysyndan köpüsi hiç haçan gary gören däldir.

- Kiwi guşunyň ýumurtgasy öz agramyna görä beýleki guşlaryň ýumurtgasynyň içinde iň ulusydyr. 500 grama golaý ýumurtga guşuň agramynyň 4-den birine deňdir. Deňeşdirmek üçin, düýeguşyň ýumurtgasy 2 kg–a deň bolsada öz agramynyň 2%-ini tutýar.

- Sygyrlary basgançakdan ýokarlygyna mejbur edip mündürip bolýar, emma olary ýokardan aşaklygyna düşürip bolmaýar.

- Mekgejöwen däneli ösümlikleriň içinde iň hasyllysy bolup, onuň. bir başynda müňe golaý däne bardyr. 

 

Toýly AŞŞIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.