logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Bilim almak üstünligiň kepili
  29.08.2020
849
Bilim almak üstünligiň kepili

    Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň, ýaş nesilleri milli we umumyadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemegiň, türkmen dilini we daşary ýurt dillerini ýokary hilli okatmagyň ähmiýetine uly üns berilýär. Diýarymyzda ýaş nesillere türkmen dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil öwretmek boýunça hem beýik işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çagalar bagynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dilleri öwredilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda berilýän bilimiň hilini gowylandyrmakda we kämilleşdirmekde örän uly öňe gidişlikler gazanylýar. Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki şeýle hem Ahal welaýatyndaky bilim ojaklary döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen.

       Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş obasynda  ýerleşýän daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebinde hem sanly bilim ulgamyny düýpli ornaşdyrmak boýunça tutumly işler alnyp barylýar we hazirki wagtda 1700-den gowrak okuwçy bilim alýar.

       Okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen elektron kitaplary, okuw gollanmalary döredilýär. Kompýuterler bilen üpjün edilan elektron kitaphanalardan peýdalanmagy başarýan ýaşlaryň sany barha artýar. Halkara internet olimpiadalarnyň geçirilmegi, oňa gatnaşýan ýaşlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ata Watanymyzda berilýän bilimiň ýokary  derejedeligini ýene bir ýola tassyk edýär.

      Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamynda dürli usullaryndan hem-de serişdelerinden peýdalanylýar. Okatmagyň usullarynyň, serişdeleriniň ýerlikli ulanylmagy bolsa bilim-terbiýeçilik işleriniň netijeli ýola goýulmagyny üpjün edýär. Şeýle-de bilim ulgamynda multimediýa tehnalogiýalary giňden ulanylýar. Netijede, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlara okatmagyň hem-de terbiýe bermegiň usullarynyň has kämil görnüşlerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. 

     Sapaklarda multimedia serişdeleriniň ulanylmagy okuwçylara maglumatlary öwretmekde, geçilenleri berkitmekde, olaryň pikirlenme ukybynyň kämilleşmeginde has-da ähmiýetlidir. Mundan başga-da ol mugallymyň döredijilik mümkinçiligini artdyrýar, wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Munuň bilen birlikde okuwçylaryň ünsüni özüne çekýär, onuň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Şeýle guralýan sapaklar didaktiki meseleleri çözmäge, ders boýunça berilýän bilimi düýpli özleşdirmäge, özleşdirilen bilimleri ulgamlaşdyrmaga hem ýardam edýär.