logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /BILIM — BAGTYŇ ÇYRAGY
  10.02.2021
1538
BILIM — BAGTYŇ ÇYRAGY

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň bu ulgamy täze belentliklere çykarmak ugrunda edýän tagallalary netijesinde çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplere çenli ähli bilim ojaklarynda  ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesi we hili düýpgöter özgerdi. Bu gün bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterler, miltimedia-interaktiw enjamlar, döwrebap okuw görkezme esbaplary bagtyýar nesliň hyzmatynda bolup, olaryň ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine we sagdyn ruhly bolup ýetişmegine hyzmat edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegine, häzirki zamanyň ösen tejribäniň milli bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagyna berýän aýratyn ünsi diýseň begendirýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň ýanyndaky çagalar baglaryny mekdepler bilen birleşdirip, olary döwrebap okuw-terbiýeçilik toplumlaryna öwürmek ugrundaky tagallalar begenjimizi has-da goşalandyrýar. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň mekdep bilimi bilen arabaglanyşygyny has-da berkitmäge ýardam etmek bilen, ýaş nesle  ukyp-başarnygyny irki ýaşdan başlap ösdürmek üçin şert döredýär.

Ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň açylmagy we üstünlikli hereket etmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda durmuşa geçirýän ajaýyp işleriniň barha rowaçlanýandygynyň alamatydyr.  Daşary ýurt dillerine, matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer bilimlere hem-de beýleki ugurlara ýöriteleşdirilen şeýle bilim ojaklarynda ýaşlarymyzyň rus, iňlis, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý ýaly dilleri çuňňur öwrenmegine uly mümkinçilikler bar. Galyberse-de, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem ýaş nesle üç dili öwretmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellemelidiris. Bu zatlar Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny ösdürmek, sanly bilim ulgamyna geçmek, daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýaşlarymyzyň häzirki zaman bilimlerine eýe bolmagyna we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine itergi berýär.