Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim dünýäsine giň ýol
  08.11.2022
518
Bilim dünýäsine giň ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli babatda belent ösüşlere eýe bolunýar, guwandyryjy sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyzyň bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşi bolsa, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeleriň ajaýyp miweleridir.

Häzirki zaman ösüşinde ösen döwletler bilen deň derejede gadam urmak üçin bilim we ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, halkara tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygynda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hem-de ýaşlary daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okatmakda netijeli işler ýola goýulýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň tejribesinde milli bilim ulgamynyň usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýasy hökmünde sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän ornunyň barha giňelýändigini aýratyn nygtamak bolar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, 2017-nji ýylyň sentýabrynda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy», şeýle hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda toplanylan baý tejribe onuň ösüşindäki batly gadamlaryny görkezmek bilen, bu ugurdaky indiki ädimleriň has-da ilerlemeginde, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň döwrebap ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmeginde täze wezipeleri öňde goýýar. Şunuň bilen, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri geljekki ösüşleriň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, durmuşa hemmetaraplaýyn ukyply, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini kepillendirýär. 

 

Aýna MÄMMEDOWA, 

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.