Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim dünýäsiniň belentlikleri
  09.04.2024
759
Bilim dünýäsiniň belentlikleri

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ylym-bilimi düýpli ösdürmek, sanly bilim ulgamynyň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Biz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys, işleýäris, döredýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda umumybilim berýän orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleri terbiýäniň möhüm ojaklary bolmak bilen, döwrebap, kämil nesilleriň kemala gelmeginde möhüm işleri durmuşa geçirýärler.

 

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

 

Ylym-bilim ulgamy — beýik üstünliklerimiziň hem nurana geljegimiziň binýady. Hut şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalardyr meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanylýar. Häzirki döwürde bilim ulgamynyň iň täze innowasiýalary we tehnologiýalary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylyp, ykdysady, syýasy, medeni we ylym-bilim kuwwatymyzyň artdyrylmagy netijesinde, eziz Watanymyz okgunly ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar.

 

Goý, berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ata Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleri mundan beýläk-de uly üstünliklere beslensin!

 

Madina RAHIMOWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirilen 27-nji orta 
mekdebiniň mugallymy.