logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Bilim – geljegiň ýagty çyragy
  30.03.2023
1332
Bilim – geljegiň ýagty çyragy

Eziz Watanymyz Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe galkynyşyň ösüşli ýollarynda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler ýurduň nurana geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyz bilen aýrylmaz baglydyr. Ýaş nesliň dünýä derejesine laýyklykda bilim almagy üçin ähli şertler döredilmegi kalplary guwanja besleýär. Milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak,  ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna dolulygyna geçmek babatda giň möçberli işler ýola goýulýar. Bilim babatda kabul edilen kanunlar giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlan hünärine yhlasly bolan türkmen ýaşlarynyň kemala gelmegine uly mümkinçilikleri açýar. Ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmakda sanly bilim ulgamynyň gazananlary uly şert döredýär. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda ençeme abraýly ylym-bilim guramalary, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, ylmy maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Täzeçe bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmaga şert döredýär. Türkmen ýaşlarynyň bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga höwesi barha ýokarlanýar, diýmek, ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş türkmenistanlylaryň täze neslini kemala getirmek üçin ähli şertler döreýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklere beslenýän «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyz alnyp barylýan asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegine uly badalga berip, türkmen ýaşlarynyň ylymly, bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin täze-täze sepgitleri bagyşlaýar! 

 

Şatlyk KALAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.