logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bilim – guwandyryjy görkezijileriň sakasy
  07.12.2023
766
Bilim – guwandyryjy görkezijileriň sakasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyz taryhy çykyşlarynda her bir maksatly işe ähli halkymyz bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň hem mynasyp goşant goşýandygyny belläp geçýär. Bu guwandyrjy görkezijileriň sakasy ylym-bilim bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede ösdürilmegi hem-de bu ugurdaky işleriň netijeli häsiýetde ýola goýulmagy üçin yzygiderli mümkinçilikler döredilýär.  Bu möhüm pudakda alnyp barylýän çäreler ýaşlaryň ösen ukyp-başarnykly, bilimli bolup ýetişmeklerine, ylmy gözlegleriniň täze basgançaklaryna aralaşmaklaryna oňyn täsir edýär.

 

 

Häzirki zaman türkmen ýaşlarynyň durmuşyň islendik ugurlaryndan oňat baş alyp çykmaklary üçin olara berilýän bilim-terbiýäniň döwrebap görnüşde bolmagyna aýratyn üns berilýär. Ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly özgertmeler öz mynasyp miwelerini berýär. Türkmen ýaşlary öz başarnyklaryny dünýä ýüzünde görkezip, türkmen tuguny belentde parladýalar.

 

 

Biz ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim almaga giň şertleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

 

Merdan ŞAÝMERDANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.