logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Bilim - guwandyryjy görkezijileriň sakasy
  18.12.2023
1005
Bilim - guwandyryjy görkezijileriň sakasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirýän möhüm işleriniň netijesinde bu ugurda abraýly üstünlikler gazanylyp, şanly sepgitlere ýetilýär. Şeýle özgertmeleriň ozaly bilen, ylymyň täze gazananlary ornaşdyrylan bilim ojaklarynda alnyp barylmagy, zehinli, ylym-bilimden ýüki ýetik, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlaryň terbiýelenmegi Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Özleri baradaky aladalardan ruhlanýan sowatly ýaşlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öz başarnyklaryny görkezýän yhlasly hünärmenler bolup ýetişýär.    

 

 

Türkmen halky ylym-bilimi ösdürmekligi baş maksada öwürip, döwürleriň ruhuna siňdiripdirler. Häzirki wagtda bedew bady bilen öňe barýan, uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ähli ugurlardan kämil baş çykarýan nesiller yzygiderli kemala gelýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bolsa ýaşlaryň saýlap alan hünärini kämil ele almagyna we gözýetimlerini giňeltmäge ýardam edýär.

 

 

Dünýä dillerini suwara bilýän, sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil ýaşlaryň kemala gelmegi üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Läle KAKAESENOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.