logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /“Bilim Nokady” diňleýjileri döwlet bäsleşiginde üstünlik gazandy
  25.03.2025
2236
“Bilim Nokady” diňleýjileri döwlet bäsleşiginde üstünlik gazandy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilen daşary ýurt dilleri boýunça döwlet bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda “Bilim Nokady” bilim merkeziniň diňleýjileri üstünlikli çykyş etdiler.

 

Bäsleşik Aşgabat şäherinde geçirilip, dürli eýeçilik görnüşlerine degişli gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýan ýaşlaryň arasynda guraldy. Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlara bölünen bu bäsleşikde “Bilim Nokady” bilim merkeziniň diňleýjileri ýokary netije görkezdiler:

Ýaşy 18-den uly bolan gatnaşyjylaryň arasynda III (B) derejesinde geçirilen bäsleşikde Kadyrowa Hansoltan 2-nji orun;

16–18 ýaş aralygyndaky gatnaşyjylaryň arasynda III (A) derejesinde geçirilen bäsleşikde bolsa Annajemal Baýramdurdyýewa 3-nji orun;

Şeýle hem, 12–13 ýaş aralygyndaky okuwçylaryň arasynda Hatyja Annadurdyýewa hem 3-nji orny gazandy.

 

Bu ýeňişler “Bilim Nokady” bilim merkeziniň ýokary okuw derejesiniň we döwrebap okuw usullarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

 

“Bilim Nokady” bilim merkezi dürli ugurlar boýunça ýokary hilli okuwlary hödürleýär:

 

*Çagalar üçin iňlis dili

*Uly ýaşlylar üçin iňlis dili

*Ýokary okuw jaýlaryna taýýarlyk

*Rus dili (kiçi ýaşlylar üçin)

*Rus dili (uly ýaşlylar üçin)

*Kompýuter kurslary

*Matematika

*Mental arifmetika

*Hytaý dili

*Şekillendiriş sungaty (islendik ýaş üçin)

 

Siz hem bilimiňizi ösdürmek isleýärsiňizmi? “Bilim Nokady” bilim merkezi siziň bilimde we ösüşde ygtybarly ýoldaşyňyz bolar!