logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bilim ojagy gurulýar
  03.04.2020
1150
Bilim ojagy gurulýar

       Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginiň çäginde gurulýan mekdebiň möçberi 640 orunlyga niýetlenen. Ol mekdebiň gurluşygyny “Ussat inžiner” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar.  Ýurdumyzyň orta we ýokary telekeçilere berýän ýardamyna bu hususy kärhananyň gurluşykçylary diýseň oňat düşünýärler. Olar ýerine ýetirýän işleriniň hiline iňňän uly ähmiýet berýärler.  

         Ýurdumyzyň çagalary bu sowgaty bilen begendirdirjek pursatlary daşda däl. Mekdebiň gurluşygyna o diýen köp wagt hem geçmedik bolsa, işler ýörite düzülen meýilnamalar esasynda alnyp barylýar. Dünýä ülňilerine laýyklykda gurulýan bu döwrebap mekdebiň ajaýyp binasynyň gurluşygynyň tamamlanyp, onuň ulanmaga berilmegine obanyň çagalary sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.