Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim özgertmeleri rowaçlanýar
  14.03.2024
220
Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, edepli, bilimli adamlar bolup ýetişmeklerini, ösen tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny gazanmak döwrüň talaby bolup durýar. «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklary bize — bilim işgärlerine bildirilýän uly ynamdyr.

 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatynda uly tejribe toplandy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim işi döwrebaplaşdyrylýar, milli maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elbetde, bu zatlar biz — bilim işgärlerini juda begendirýär, buýsandyrýar, işimizi döwrebap derejede alyp barmaga itergi berýär.

 

Bilşimiz ýaly, tamamlanan 2023-nji ýylda ähli pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmekde guwandyryjy netijeler gazanyldy. Bu ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralary, ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Şeýle hem, türkmen ýaşlarynyň ençemesi halkara derejeli bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlardyr olimpiadalara üstünlikli gatnaşyp, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende göterdiler. Şeýle halkara derejeli zehin synaglaryna işjeň gatnaşan okuwçy we talyp ýaşlarymyz ýylyň dowamynda jemi 826 medal gazandylar. Munuň özi ýurdumyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Bize döwrebap zähmet çekmäge, ylmy, bilimi ösdürip, beýik işleri amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Gülälek AŞYROWA,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 
13-nji orta mekdebiniň başlangyç 
synp mugallymy.