logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilim — röwşen geljegiň şuglasy
  09.04.2024
577
Bilim — röwşen geljegiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym, bilim ulgamlaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ylym kämilligiň binýady bolup, ýurdumyzda ylymly ýaşlary kemala getirmek esasy wezipeleriň hatarynda goýulýar. Bu babatdaky işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Ylym ulgamyna döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem ösdürilýär, öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

 

Ylym hem-de bilim halkymyzyň eşretli durmuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, saýlap alan ugurlary boýunça ezber hünärmen bolup ýetişmekleri üçin bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle-de okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan milli tejribelerimiziň esasynda okuw hem-de ylmy işlerine innowasion usullary ornaşdyrmak, hünär taýýarlygyny häzirki zaman derejelerine laýyklykda kämilleşdirmek işleri giň gerim alýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mundan beýläk has-da pajarlap ösmegine öz täsirini ýetirýär.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde dowam etdirilýän özgertmeleriň düýp mazmunynda hem nurana ykbally nesillerimiziň bagtyýar durmuşy, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky aladalary görýäris. Edilýän şeýle uly aladalar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Amanbibi ANNAWELIÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine 
ýöriteleşdirilen 27-nji orta 
mekdebiniň mugallymy.