Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilim-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň ýolunda
  02.12.2022
896
Bilim-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda türkmen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini, ukyp-başarnyklary açyp görkezmegi we ony durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, terbiýeçilik işini guramak, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar edilýär. Biz muňa bagtyýar döwrümiziň her bir ulgamynda, her bir pursadynda şaýat bolýarys. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap çagalar baglary, umumybilim berýän mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar, sport merkezleri yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Bar bolan ylym edaralary, bilim merkezleri döwrüň iň kämil enjamlary, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilip, olarda bilim bermekligiň  döwrebap usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda alnyp barylýan bu özgertmeler, beýik ýeňişli menziller kalplary buýsanja, guwanja besleýär. Bu günki günde bilim edaralarynda elektron bilimi ýola goýmak we uzak aralykdan dolandyrylýan kämil tehnologiýalaryny peýdalanmak ösüşiň täze basgançagyna çykmaklyga şert döredýär. Şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmeklik batly depginde alnyp barylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwleti dolandyrmak işine ýaşlary çekmeklige, olaryň döwrebap bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny halkymyzyň bähbidine netijeli ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle çäksiz aladalara gurşalan bagtyýar nesiller, bagtly ýaşlar döredilýän döwrebap şertleri netijeli ulanyp, Watanymyza, il-halkymyza gerekli adamlar bolup ýetişmek ugrunda yhlasly okaýarlar hem döredýärler hem-de dünýäde uly abraýa eýe bolan parahat we gülläp ösýän ýurdumyzyň watansöýüji şahsyýetlerine, täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülýärler.

Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ynsanperwer döwlet syýasatynyň ýaşlara döwrebap bilim bermäge, nurana geljegi döretmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär. Bu bolsa döwrebap bilimlerden habarly bolan hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegi bilen birlikde, berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň belent derejelere çykmagynda, halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem pugtalanmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, nurana geljegi ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir! 

 

Sülgün PIRIÝEWA,

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrabynyň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.