logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Bilim ulgamy rowaçlyk ýolunda
  22.08.2019
1359
Bilim ulgamy rowaçlyk ýolunda

    Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň döwrüň talaplary esasynda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar.

    Bu günki gün  Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty Aşgabat şäheriniň  we  ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň bilim işgärleri bilen birlikde  Ahal welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň  Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky Medeniýet köşgiünde Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr“  diýen şygar asrynda  welaýatyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda welaýatymyzyň bilim-terbiýeçilik işgärleriniň  geçen 2018-2019-njy okuw ýylynda ýetilen sepgitleri hem-de  täze 2019-2020-nji okuw ýylynda  öňde durýan wezipeler,  okatmagyň usulyýetiniň ylmy esaslaryna daýanmak, usulyýeti, okuw maksatnamalarynyň, okuw kitaplarynyň mazmunlaryny baýlaşdyrmak, okuw-terbiýeçilik işine sanly serişdelerini, öňdebaryjy kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak, olary giňden peýdalanmak, mugallymçylyk işgärleriniň hünär ussatlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek, okuwçylara ýokary hilli bilim bermek, ýaş nesle hünär öwretmek, olarda milli taryhymyza, medeni we ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanjy terbiýelemek, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny hem-de daşary ýurt dillerini kämillesdirmegiň Konsepsiýasyny we olary durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça edilmeli işler kesgitlenildi.

   Maslahatyň ahyrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň  Yzgant şääherçesindäki Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky  Medeniýet köşgünde  „Bilim almak, hünär öwrenmek, durmuşa taýýar bolmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr“ diýen şygar bilen geçen bilim işgärleriniň awgust maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Minnetdarlyk bildirip  Ýüzlenme kabul etdiler, we Eziz Arkadagymyzy 2019-2020-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutladylar. Milli liderimize   Watanymyzyň gülläp ösmegini, jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, tutýan il-ýurt bähbitli işleriňiň rowaç  bolmagyny arzuw etdiler.