logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi.
  29.12.2025
461
Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi.

Bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň orny we mümkinçiliklerini giňeltmek, maglumat tehnologiýalary hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça mugallymlaryň we hünärmenleriň ylmy-taslama işlerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak, şeýle hem bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça tejribe alyşmak maksady bilen 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Sanly Çözgüt-IT meýdança” hojalyk jemgyýetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň web-saýty habar berýär.

 

Festiwalyň çäginde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň, “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň”, işewürlik kärhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Maglumat tehnologiýalar ulgamynda gelejegiň kompetensiýalary we hünär derejeleri” atly tegelek stoly, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriniň mugallymlary üçin STEM usulyýeti we bilim bermek işlerinde innowasion tehnologiýalary ulanmak boýunça tälim sapaklary geçirildi hem-de ýurdymyzyň bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda kiberhowpsuzlyk ugry boýunça türgenleşikler hem-de sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk bilen bagly taslamalarynyň sergisi guraldy.

 

Festiwalyň jemlerinde sanly bilimi ösdürmäge mynasyp goşant goşan bilim edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda geçirilen “Kiberbäsleşik” çäreleriniň ýeňijileri Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we sowgatlary bilen sylaglanyldy.


Döwran ALLABERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy.