logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilim ulgamynyň döwrebap özgertmeleri
  20.01.2024
626
Bilim ulgamynyň döwrebap özgertmeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän uzak geljege gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri esasynda batly depginler bilen ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Hususan-da döwletimizde ýaşlar bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýaş raýatlarymyz dürli ugurlarda okamaga, öwrenmäge, zähmet çekmäge ähli mümkinçilikler döredilýär.

 

 

Her bir täze nesil öz ýurdunyň ösüşi, güýç-kuwwatyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin-de ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ählitaraplaýyn kämil edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

 

 

Ýaşlar, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, pederlere mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Alnyp barylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi aýratyn bellärliklidir.

 

 

Ýaşlaryň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

Laçyn AKYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.