logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilim — üstünligiň şuglasy
  17.05.2023
771
Bilim — üstünligiň şuglasy

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda ýaş nesiller alada bilen gurşalýar. Olaryň ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, hünärli, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän multimediýa, interaktiw tehnologiýalary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda bilim-terbiýe alýan ýaş nesilleriň döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin hoşallyklary egsilmezdir.

Göwünlere ganat berýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz dürli ugurlarda belent sepgitleriň gazanylýan ajaýyp zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryndan gözbaş alyp, belent ösüşlere ynamly barýan eziz Watanymyz täze taryhy döwre gadam basdy. Bu döwürde innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş nesilleri bilime, ylma giňden çekmek boýunça anyk wezipeleriň birnäçesi öňümizde durýar.

«Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan aýdyň wezipeler hem milli bilim ulgamynyň kanunçylyk taýdan yzygiderli esasda berkidilmegini talap edýär. Şundan ugur alnyp, ýaş nesle berilýän bilimiň dünýä derejesinde kämilleşdirilmegi, ösdürilmegi geljegine uly umyt baglanýan ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Watanymyza, il-günümize wepaly, saýlap alan ugrumyz boýunça kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly, ajaýyp döwrümiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan adamlar bolup ýetişmek üçin ähli zehinimizi, başarnygymyzy orta goýmak biziň — ýaşlaryň öňümizde durýan belent borjumyzdyr. Özümize bildirilen uly ynamy ödäp, halkymyza, döwletimize gerekli adamlar bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys. 

 

Gözel HUDAÝKULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.