logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilimden serpaýly bagtyýar ýaşlaryň ajap eýýamy
  14.01.2023
1257
Bilimden serpaýly bagtyýar ýaşlaryň ajap eýýamy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mähriban hal­ky­myz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýy­lyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Eziz il­deş­le­ri­mi­zi be­lent mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­an «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýylymyzda ähli ugurlarda, döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­yp, be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. Bu şygaryň çuňňur many-mazmuny bar. Çünki ýurdumyzda Garaşsyz Watanymyzyň nurana geljegi, belent ösüşleriniň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ýagty ertiri baradaky möhüm aladadyr.

Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň barha okgunly ösmegine, halkara giňişlikdäki at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly okaýarlar hem öwrenýärler. Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli möhüm wezipeler öňde goýulýar. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, ene-ata we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek döwletimizde alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da eden ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Ýaş­la­ry­my­zyň ru­hy-ah­lak, me­de­ni, aň-bi­lim we be­den taý­dan ösü­şi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Çün­ki ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuw­wat­ly güý­jü­dir, nu­ra­na gel­je­gi­dir» di­ýip, uly buý­sanç bi­len bel­le­me­gi ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Çün­ki şu günki nesiller, bagtyýar ýaşlar Wa­ta­nymyzyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, dünýä ýüzündäki at-ab­ra­ýy­ny artdyrjak kämil yn­san­lardyr. Ýaşlarymyzyň bu asylly maksadyna ýetmeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ýol görkeziji gollanma bolup çykyş edýär. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň gol çekmeginde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu Kanun ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşyp, özleriniň zehinini, döredijilik ukybyny ýüze çykarmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Di­ýa­ry­myz­da hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak we dünýä ýaýmak, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, däp-des­sur­la­ry­my­zy giňden wagyz etmek ar­ka­ly sag­dyn bedenli, ylymly-bi­lim­li, ösen dü­şün­je­li, wa­tan­sö­ýü­ji ýaş ne­sil­leriň kemala gelmegi üçin asylly işler ýola goýul­ýar. Ýaş ra­ýat­la­ry­nyň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň sy­ýa­sy, me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak işi­ne hem mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bagtdan paýly, bilimden serpaýly bagtyýar ýaş­la­ryň ajap eýýamynda ýaş nesilleriň ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne çuň­ňur ara­laş­mak­la­ry, okamagy, öwrenmegi we ähli ugurlar babatda ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny ýü­ze çy­ka­rmaklary üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýän Arkadagly Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, mertebesi belent bolsun! 

 

Ogulmaral HOMMADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Diller kafedrasynyň mugallymy.