logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler
  31.08.2025
3919
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanda birnäçe döwrebap bilim desgalary ulanylmaga berler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.

 

Şol gün Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary welaýatynda bolsa Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasy açylar. Mundan başga-da, paýtagtda hem-de welaýatlarda täze mekdepler we çagalar baglary işe giriziler.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek we döwrebap bilim üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, bilim işgärlerini, talyplary we okuwçylary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara okuwda we geljekki işlerinde üstünlik arzuw etdi.