logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Bilimli il — ozar
  11.03.2023
1118
Bilimli il — ozar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlanýar. Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere bilimli, hünärine ussat, başarnykly ýaşlar giňden çekilýär. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarydyr tagallalaryna jogap edip, ýokary netijeleri görkezýärler. Olar halkara ders we internet bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Döwletimiziň ýagty geljegine deňelýän ýaşlar yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar.

Ajaýyp zamanamyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, sowatly bolmagy üçin ýokary okuw jaýlary, orta hünär okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky ähli aladalary türkmen ýaşlaryna ruhubelentlik paýlaýar.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar hakynda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! 

 

Suraýa ADAMBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.