Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimli nesil bilen ösüşli menzile
  23.12.2022
509
Bilimli nesil bilen ösüşli menzile

Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ony düýpli özgertmek, bilim berlişiň ähli basgançaklaryny yzygider kämilleşdirmek babatdaky möhüm başlangyçlary ýaş nesliň döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ylymly-bilimli we kämil hünärli bolmagyny üpjün edýär. Bu wajyp ulgamy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi «Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy üçin zerur bolan ygtybarly binýady emele getirdi. Onda bilim berlişiniň ähli basgançaklary, bu ugurda ýetilmeli möhüm sepgitler kesgitlenildi. Häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlyklary ýaş nesliň bilimli bolmagy, olaryň ösen hünär derejesi we zähmetiniň netijeliligi bilen baglanyşdyrylýar. Ösüşiň innowasion ýoluny saýlap alan eziz ýurdumyzyň ýagty geljegi, onuň täze belentliklere ýetmegi ösüp gelýän ýaş nesliň bilim derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerinde hünär biliminiň ähli basgançaklaryny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda giňeltmäge we kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan uly orun berilýär. Arkadagly Serdarymyzyň halk bähbitli taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze hil derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmeleriniň oýlanyşykly durmuşa geçirilmeginiň, oňa sanly ulgamyň, kämil tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ägirt uly ösüşler gazanylyp, bilim ulgamy ähli babatda dünýä tejribesiniň iň öňdebaryjy nusgalarynyň derejesine çykarylýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň nurana geljegini, türkmen jemgyýetiniň ruhy, durmuş-ykdysady we syýasy ösüşini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolan bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler, beýik ýeňişler hem-de gazanylan uly üstünlikler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň, pähim-paýhasynyň we taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miweleridir. Şeýle asylly başlangyçlar bolsa biz ýaşlaryň kalbynda soňsuz alkyşy has-da goşalandyrýar. 

 

Aýşat ALLABERDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.