logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Science and Education /Bilimli nesil — kuwwatly Watan
  12.11.2022
1410
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan düýpli özgertmeler uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgam barha rowaçlanýar.

Umumybilim berýän orta mekdepler ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary we tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Multimediýa tagtalarynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň gözýetiminiň has-da giňemegine ýardam edýär. Sapaklarda elektron serişdeleriň ulanylmagy okuwçylaryň giň möçberli maglumatlary kabul etmegine mümkinçilik berýär. Şeýle-de okuwçylar elektron kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan peýdalanýarlar. Bu bolsa çagalaryň okuwa, bilime bolan höwesini has-da artdyrýar.

Biz hem okuw meýilnamasyna laýyklykda, gözel paýtagtymyzdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz talyp-ýaşlaryň okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da çuňlaşdyrmakda şeýle-de giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegimize uly mümkinçilik berýär.

Goý, biz talyp-ýaşlar üçin ylmy-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin! 

 

Aýgül GARATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.