logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /Bilimli nesil - kuwwatly Watan
  20.01.2024
787
Bilimli nesil - kuwwatly Watan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet bermelidir” diýip, bellemegi ýurdumyzda ýaş nesilleriň röwşen geljegi hakynda döwlet tarapyndan edilýän düýpli aladalaryň güwasi bolup çykyş edýär.

 

 

Bütin dünýäde bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen eziz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, olaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak meselesine-de möhüm ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Ýaşlaryň hünär saýlamaklygyna eýýam mekdep döwründen girişilmegi, olaryň geljekde öz kärini ýürekden söýüp, zähmetkeş ynsan bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

 

 

Biz ýaşlara baky bagtyýarlygy peşgeş beren, okamaga, öwrenmäge, döretmäge hyjuwlandyrýan ýaşlaryk hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Tutýan tutumly işleri rowaçlyklara ýaran bolsun!

 

 

Umitjan AHMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Energo-tehnologiýa
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.