logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Bilimli nesil — kuwwatly Watan
  11.04.2024
746
Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda abadan ýurdumyzda bilim, ylym, innowasiýalar, önümçilik we işewürlik ulgamlary utgaşykly ösdürilýär. Gazanylýan öňegidişliklerde ýaşlaryň hem mynasyp paýynyň bardygy diýseň guwandyryjydyr. Häzirki zamanyň sanlaşan dünýäsinde bilim we ylym ösüşiň düýp esasyny düzýär we bäsdeşligiň çeşmesi bolup durýar. Döwrüň ösen talabyndan ugur alyp, ýurdumyzda dürli ylmy merkezler yzygiderli kemala gelýär. Zehinli ýaşlar ukyp-başarnyklaryny ulanyp, ylmy önümçilige özleriniň täzeçil pikirlerini ornaşdyrýarlar. Bu ugurda ýaşlara giň mümkinçilikler, zerur şertler döredilen. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyz ylym-bilmiň, spotuň, medeniýetiň, sungatyň gülläp-ösýän mekany hökmünde ýer ýüzünde giňden tanalýar. Şeýle asylly işleriň dowamy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hem has-da rowaçlanýar.

 

Taryhyň şöhratly gatlaryna ser salsak türkmen topragynyň has irki döwürler-de ylym-bilimiň arzylanýan ojagy bolandygyny aýdyň görmek bolýar. Bu sahawatly toprakda alymlaryň ençemesi döredi, ylym ep-esli derejede gülläp ösdi. Şeýle döwletli tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýär.

 

Ogulşirin GOŞAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.