logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilimli nesil – röwşen geljegiň ganaty
  24.09.2022
926
Bilimli nesil – röwşen geljegiň ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýan ylym-bilim özgertmeleri ata Watanymyzy yzygiderli ösdürmekde, ýokary düşünjeli, döwrebap tehnologiýalardan ezber baş çykarýan, şonuň bilen birlikde dünýä dilleriniň ençemesini suwara bilýän ýaş hünärmenleriň ýetişmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaşlarymyzyň dünýä dillerini öwrenmekleri üçin döredilýän şeýle mümkinçilikler Diýarymyzyň içeri we daşary syýasatdaky batly ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak bagtyýar nesillerimizi döredijilikli durmuşa ruhlandyrýar.


Ylmyň-bilimiň öňdebaryjy gazananlaryna daýanmak, täze tehnikalary, tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak we häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etjek ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda esasy ýörelgä öwrüldi. Berkarar döwletimizde halk hojalygynyň ençeme pudaklarynda, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän hünärmenleriň aglaba bölegi ýaşlar bolmak bilen, olary ylma ugrukdyrmak boýunça halypa-şägirtlik gatnaşyklary giňden ýola goýulýar.


Häzirki wagtda döwrüň talabyna laýyklykda, bilim ulgamyny düýpli kämilleşdirmek işleri amala aşyrylýar. Bilimiň ýokary hilini üpjün etmek bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasyny düzýär. Şu günki gün jemgyýet ýaşlaryň meseleleri özbaşdak çözüp bilýän, üýtgeýän durmuş şertlerine çeýe uýgunlaşýan, zerur endikleri we bilimleri özbaşdak alyp, olary ulanyp bilýän, durmuşda öz mynasyp ornuny tapyp, üstünlik gazanyp bilýän şahsyýet bolup ýetişmegini talap edýär.


Jennet ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.