logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Bilimli, sowatly, päk ahlakly ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir!
  05.06.2023
1146
Bilimli, sowatly, päk ahlakly ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir!

Arkadagly Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär, olary Watanymyzyň ganaty, röwşen geljegi hasaplaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini düýpli gowulandyrmaga, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksatlardan ugur alnyp, bilim ojaklary ösen tehnologiýaly enjamlar, ýokary tizlikli internet ulgamy bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksadyny özünde jemleýän Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ylym-bilimli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan nesil kemala gelýär. Ýaş nesilleriň çuňňur bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagtda maksatnamada bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň aýdyň geljegini döredijiler bolan ýaşlaryň kämil bilim almaklary üçin ählitaraplaýyn aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak,  döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!  

 

Selbi GULAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.