Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Startap bäsleşiginiň ikinji tapgyry: okuwlar, ösüş we täze tejribeler ✦ ✦ Türkmenabat şäherinde ýaş zehinliler üçin baýramçylyk festiwaly geçirildi ✦ ✦ Bişkekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Ženewada HZG-niň wekilleri bilen duşuşdy ✦ ✦ Arkadag şäheriniň ösüşlerinde ýaşlaryň orny: Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň önümçilik tejribeligi – bilim, ylym we önümçiligiň arabaglanyşygynyň täze derejesi ✦ ✦ Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» halkara baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ TDEI-de okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimli ýaşlar bilen röwşen geljege
  06.01.2023
740
Bilimli ýaşlar bilen röwşen geljege

Bedew batly ösüşler bilen rowaçlanýan berkarar Watanymyzda bagtyýar halkymyz abadan hem parahat durmuşda agzybir ýaşaýar. Gazanylýan özgerişleriň ählisi-de öz gözbaşyny ylym-bilimden alýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň gazananlaryny netijeli ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda kämil hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgama geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar, sanly ylym-bilim, sanly ykdysadyýet ýaly dünýä derejesinde gazanylan ugurlar boýunça bu ulgama goşulmak babatyndaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» boýunça möhüm wezipeler tassyklanyldy. Bu bolsa dünýä ölçeglerine laýyklykda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüş derejesi, onuň ykdysady kuwwaty, ylym-bilim ulgamynyň ösüşi bilen kesgitlenýär. Tehnologiýalaryň ösen döwründe ylmy-bilim ulgamy hem döwür bilen aýakdaş rowaçlyga galkynýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň hilini ýokarlandyrmak arkaly okatmagyň usulyýeti has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna deň laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi açylýar.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzy uly üstünliklere, rowaçlyklara besläp, röwşen geljege, nurana ertire alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

 

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.