logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Bilimli ýaşlara buýsanç
  10.12.2022
683
Bilimli ýaşlara buýsanç

Arkadagly Serdarymyzyň bilim ulgamyna üstünlikli ornaşdyrýan giň gerimli tutumlarynyň baş maksady ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň her biriniň bilim almagynyň elýeterliligini üpjün etmekden hem-de bu babatda öz tebigy başarnygyny ýüze çykarmagy üçin zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle asylly maksada ýetmekde bilim özgertmelerinde dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarydyr okuw enjamlaryna, milli tejribeler bilen dünýä tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegine, biziň — bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmegimize ýakyndan ýardam edýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyp, ýaşlaryň hünär taýdan kämilligini gazanmak, olara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler hem dünýä nusgalykdyr.

Bi­lim ul­ga­my — mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­dyr, er­tir­ki gü­nüň ala­da­sy­dyr. Şu nuk­daý­na­zar­dan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öz ýö­red­ýän sy­ýa­sa­tyn­da ylym-bi­lim öz­gert­me­le­ri­ne in­no­wa­sion hä­si­ýet ber­mek ar­ka­ly, ösüp gel­ýän ýaş nes­li okat­ma­gyň, ter­bi­ýe­le­me­giň hem-de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň bar­şyn­da iň oňat dün­ýä tej­ri­be­si­ni we öň­de­ba­ry­jy iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry or­naş­dyr­mak­dan ugur al­ýar. 

Goý, berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

 

Ogulgurban AKMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.