logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Bill Gates: «Indiki pandemiýa has erbet bolar!»
  26.01.2023
1150
Bill Gates: «Indiki pandemiýa has erbet bolar!»

«Microsoft»-yň esaslandyryjysy Bill Gates, koronawirus pandemiýasy doly tamamlanandan soň yzýany geljek pandemiýanyň adam eli bilen dörediljekdigini we onuň has howply boljakdygyny aýtdy.

Ilkinji gezek Hytaýda peýda bolan we bütin dünýä ýaýramak bilen «pandemiýa» öwrülen koronawirus 2 ýyldan gowrak wagt bäri dünýä ýüzüne erbet täsir etdi.

Dürli gözlegleriň netijesinde bu kesele garşy sanjymlar, dermanlar ýasaldy. Muňa garamazda käbir ýurtlarda henizem pandemiýa dowam edýär.

Awstraliýanyň Sidneý şäherinde geçirilen konferensiýa çykyş eden Bill Gates geljek barada käbir pikirleri paýlaşdy. Ol «Indiki pandemiýa has erbet bolar!» - diýip, konferensiýa gatnaşan adamlary we dünýä metbugatyny alada goýdy.