Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Binagärleriň döredijilik-taslama sergisi guraldy
  21.01.2023
1056
Binagärleriň döredijilik-taslama sergisi guraldy

Ýaňy-ýakynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp «Jan Watanym Türkmenistan» atly binagärleriň döredijilik-taslama sergisi guraldy. Sergide ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyplar özleriniň täsin döredijilikli taslama işlerini görkezdiler. Bu döredijilikli işleriň esasy özeni döwrebap şäheriň medeniýetini we binagärlik keşbini has-da kämilleşdirmek bolup, olar taslama-derňew häsiýetine eýedir.

Ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara bilim bermek işlerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän usullaryň işjeň ulanylýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän şeýle beýik işleriň netijesinde öz kärine ussat, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän kämil ýaş hünärmenler kemala gelýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzda guralan serginiň mysalynda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Serginiň çäklerinde Aşgabat şäherinde gurulmagy teklip edilýän birnäçe binalaryň taslamalary görkezildi.

Taýýarlanylan taslama işlerine mugallymlardyr talyp ýaşlar işjeň gatnaşyp, öz başarnyklaryny ussatlyk bilen açyp görkezdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara ylym-bilim almaga, gözýetimlerini giňeldip, hünärlerini kämilleşdirmäge döredip berýän giň gerimli mümkinçilikleriniň guwandyryjy netijeleridir.

Goý, ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Mansur ÖWEZMURADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.