Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Bir aýdymyň taryhy
  07.03.2023
1662
Bir aýdymyň taryhy

Arada iş wagtym tamamlanyp, öýe gaýtmak üçin uly ýola çykdym. Ulag geldi. Men ulaga münüp, gapdaldaky oturgyçda aýaly, çagasy bilen oturan adamyň ýanynda ýerleşdim. Sürüji saglyk-amanlyk soraşandan soň, ulagynyň radiosynyň nurbadyny towlady. Ine, şol pursat hem Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowanyň ýerine ýetirmeginde aýdym ýaňlanyp ugrady.

Maňlaýyňda bar gasyn,
Sen garrama, eje jan.
Dünýe dursun, duraý sen,
Sen garrama, eje jan.

Besdir daglaň garrany,
Besdir baglaň garrany,
Garrasak biz garraly,
Sen garrama, eje jan...


Bu aýdym uludan-kiçä ählimiziň söýüp diňleýän, eşidenimizde hiňlenenimizi duýman galýan «Sen garrama, eje jan» aýdymydy.

Bu aýdym gidip durka gapdalda oturan elli ýaşlaryndaky zenanyň gözlerine ýaş doldy. Asyl görüp otursak, bu aýdym şol zenanyň ejesine bagyşlap döredilen aýdym eken. Ol zenan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, şahyr Myrat Ömrüň aýal dogany Maral gelneje bolup çykdy.

Men pursatdan peýdalanyp, Maral gelnejeden bu aýdymyň döreýşi barada gürrüň bermegini haýyş etdim. Şonda ol:

— Biz on iki dogandyk, Myrat doganlarymyzyň ikinjisidi. Biziň ejemize Amangözel eje diýerdiler. Il sylagly ejemiz Amangözel Lebiýewa 60 ýaş toýuny toýlady. Bu goşgy şahyr doganymyz Myradyň ejeme bagyşlan toý sowgady boldy.

Soňra 1993-nji ýylda goşga kompozitor Baýramgeldi Gutlyýewiň saz ýazmagy we ilkinji bolup ýerine ýetirmeginde aýdyma öwrülip, häli-häzire çenli milli telewideniýede we radioda ýaňlanyp gelýär.

Maral gelnejäniň gürrüňini diňläp, men barmaly ýerime gelenimi-de duýman galypdyryn. Hawa, Myrat Ömür zehini alaw ýaly diýilýän şahyrlaryň biridi. Onuň «Söýgi syry», «Käbäm ejem», «Küýseýän», «Obamyza gelen wagtyň» ýaly goşgulary esasynda döredilen aýdymlar halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Şahyryň iň soňky döreden «Medet ber» atly goşgusyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa ýerine ýetirýär.

Ýeri gelende Myrat Ömrüň 1999-njy ýylda çap edilen goşgular ýygyndysyna hem «Sen garrama, eje jan» diýip at goýandygyny belläp geçsek ýerlikli bolar.

 

Hemra DURDYÝEW,
Ak bugdaý etraby (26.06.2022ý).