logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Bir gün plastmassanyň ýerini tutup biljek kömelek bilen tanşyň!
  09.03.2023
1095
Bir gün plastmassanyň ýerini tutup biljek kömelek bilen tanşyň!

Hünärmenler bir kömelek görnüşiniň inženerçilik mümkinçiliklerine baha berdiler we geljekde dürli ýagdaýlarda plastmassanyň ornuny tutup biljekdigini anykladylar.

Plastmassanyň ýerine kömelek ulanmak, adamlaryň galdyrýan galyndylaryny azaldyp biler. Mälim bolşy ýaly, gazylyp alynýan ýangyçdan ýasalan plastmassalary gaýtadan işlemek hakykatdanam kyn we köplenç ýagdaýda tebigata uly zyýan ýetirýär. Beýleki bir tarapdan, kömelekden ýasalan materiallar gaýtadan işlenilip bilner (biodegrirlenip) we önümiň ömrüniň ahyrynda şol bir materialy köpeltmek üçin täzeden ulanylyp bilner.

«Science Advances» atly ylmy žurnalda çap edilen täze gözlegde «Fomes fomentarius» atly kömelek görnüşiniň ýumşak we gaty, agaç häsiýetli dürli materiallary öndürmekde ajaýyp ukybynyň bardygy mälim edilýär. Kömelekleriň içki we daşky gurluşlaryny öwrenmek bilen, hünärmenler geljekde kömelekleriň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup biljekdigini öňe sürýärler.

Täze gözlegiň awtorlarynyň biri: «Bu kömelegiň gurluşy bizi haýran galdyrdy, sebäbi biolog bolsaňyz, tebigatyň nähili ajaýypdygyna derrew göz ýetirersiňiz. Elbetde, ähli zat belli bir esas bilen ýaradylan bolmaly. Tebigat diýseň jadyly we özüne çekiji. Ondaky ähli zadyň biziň durmuşymyzda giňden orny bar.» - diýip, belleýär. Şeýle hem gözlege gatnaşan hünärmenler bu kömelek görnüşini adamlar müňlerçe ýyl mundan ozal ot ýakmak üçin peýdalanandyklaryny mälim edýärler. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.