logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Bir kagyzy näçe gezek epläp bolar?
  22.03.2022
1084
Bir kagyzy näçe gezek epläp bolar?

Siz bir kagyzy 7 gezek epläp bolýar diýen gyzykly maglumaty eşiden ýa-da okan bolmagyňyz mümkin. Bu makalada hakykatdan hem bir kagyzy 7 gezek epläp bolýandygyny ýa-da bolmaýandygyny subut ederis.

Ululygyna garamazdan islendik bir kagyzy 7 gezek epläp bolýandygyny baradaky maglumat nädogrydyr. Bu maglumatlar internetde uzak wagt bäri ýaýrasa-da, munuň düýbünden dogry däldigini aýdyp bileris. Dünýäde iň köp ulanylýan kagyz A ölçegli formatdaky kagyzlardyr. Olaryň arasynda 21 x 29,7 sm ululykdaky A4 kagyzy iň meşhurdyr. Bu we şuňa meňzeş ululykdaky kagyzlar, öz ululyklaryna görä 7 gezek eplenip bilner. Şu nukdaýnazardan seredilende, A4 kagyzlarynyň 7 gezek epläp boljakdygy baradaky hakykat, ýöne kagyzyň ululygy üýtgände epinleriň sany hem artar.

Emma, matematikanyň dili bilen düşündirsek bu kada düýbünden başgaça ýagdaýa gelýär. Ýagny, 0,1 mm galyňlykdaky bir kagyzyň bardygyny göz öňüne getiriň. Bu kagyzy epläp başlanyňyzda, ilki bilen hiç hili kynçylyk çekmersiňiz, ýöne birneme wagt geçensoň, kagyz galyňlaşdygyça siz kynçylyk çekip başlarsyňyz. Bir kagyzy 7 gezek epleseňiz, aljak galyňlygyňyz 128 sahypanyň galyňlygyna deň bolar. Bu galyňlyga ýeteniňizden soň, A4 ölçegli kagyzy indi epläp bilmersiňiz. Emma, haýsydyr bir enjam bilen eplemäge synanyşsaňyz, kagyz içki gysylma güýjüne çydaman pytyrar. Şunlukda, islendik kagyzy eplemek onuň ululygyna hem bagly bolup durýar.

Aýbölek BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.