logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Bir okana bar, birem – dokana
  12.04.2023
1714
Bir okana bar, birem – dokana

Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.

* * *

Okasaň bilim alarsyň, hemmezady bilersiň.

* * *

Galamyň ýazanyny gylyç bozup bilmez.

* * *

Bilimli – ölmez, bilimsiz – gülmez.

* * *

Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer.

* * *

Öwrenje elini diňlär, ussat – paýhasyny.

* * *

Bilmedigini soran – alym, soramadyk özüne – zalym.

* * *

Kitap okaýanyň ruhy baý.

* * *

Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.

* * *

Okadym diýme, bildim diý.

* * *

Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz.

* * *

Bilmezlik bela däl, bilesi gelmezlik – bela.

* * *

Köp durandan sorama, köp ýöränden sora.

* * *

Köp söz seni il içinde har eýlär.

* * *

Bir kesbi bolan hor bolmaz.

* * *

Kitap geçeni hem geljegi öwredýän dana.

* * *

Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.

* * *

Bir durmuş bar – akyl getir, bir durmuş bar – akyl ýetir.

* * *

Okuwa garrama ýok.

* * *

Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan köp dili.

* * *

Öwrenmek bir hünär, öwretmek iki hünär.

* * *

Öwüt ber, öwüt alana, nesihat ber, gulak salana.

* * *

Galam tutan dilenmez.

* * *

Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz.

* * *

Okamadyk öküner, dil gysgadyr, sakynar.

* * *

Köp bil, az sözle.

* * *

Bilimli – uçar, bilimsiz – gaçar.

* * *

Köp sözden kümüş önse, az sözden altyn öner.

* * *

Okamak – iňňe bilen guýy gazmak.  

 

Taýýarlan: Selbinýaz GELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.