logo

Latest news:
✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦ ✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦
Home / Society /Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler!
  11.09.2026
32
Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler!

Ýol hereketiniň howpsuzlygy diňe sürüjiniň ýa-da ýol gözegçilik gullugynyň işi däl. Köçä çykýan her bir adam - sürüji, pyýada, welosipedçi ýa-da ýolagçy umumy howpsuzlygyň bir bölegidir. Şonuň üçin ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek diňe jerimeden gaça durmak üçin däl-de, ilkinji nobatda adamyň janyny we saglygyny goramak üçin zerurdyr.

 

Ýol hereketinde ýüze çykýan köp sanly howply ýagdaýlaryň öňüni wagtynda görlen ýönekeý ädimler bilen almak bolýar. Tizlik düzgünini berjaý etmek, ýol çyrasynyň duýduryşlaryna üns bermek, ýol belgilerini dogry okamak, ulagyň tehniki ýagdaýyna gözegçilik etmek we sürüjiniň ünsüni sowýan hereketlerden saklanmak bularyň esasylarydyr.

 

Esasan hem pyýadalar üçin ýol hereketiniň esasy talaby bellenen ýerlerden geçmekdir. Köçäniň beýleki tarapyna howlukmaç geçmäge synanyşmak, ulaglara ýakyn ýerden ýoly kesip geçmek ýa-da telefon bilen meşgul bolup, daş-töwerege üns bermezlik garaşylmadyk ýagdaýlara getirip biler.

 

Sürüjiler üçin hem ýol hereketiniň howpsuzlygy ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Ulag sürýän wagtyň telefondan peýdalanmak, ýol şertlerine laýyk gelmeýän tizlikde hereket etmek, aralygy saklamazlyk ýa-da ýadaw ýagdaýda ulag sürmek betbagtçylykly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin ruluň başynda diňe ulagyň hereketine däl, eýsem daş-töwerekdäki beýleki gatnaşyjylaryň hereketlerine hem üns bermek möhümdir.

 

Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek diňe bir belli bir döwürde däl, ýylyň dowamynda möhümdir. Şeýle-de bolsa, ýol howpsuzlygyna bagyşlanan ýörite bir aýlygyň geçirilmegi jemgyýetde bu meselä bolan ünsüň has-da artmagyna, peýdaly düşündirişleriň ýaýradylmagyna we adamlaryň öz jogapkärçiligine täzeden seretmegine mümkinçilik berýär.

 

Bir sekuntlyk seresapsyzlyk uly ýitgä, bir gezeklik üns bolsa bir adamyň janynyň halas bolmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy barada aýdylýan her bir söz diňe bir aýlygyň çäginde däl, gündelik durmuşymyzyň hemişelik düzgünine öwrülmelidir.

Firuza Dosçanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň V ýyl talyby