logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Nature /Bir ýagşylykda bir sany, bir daragtda bolsa müň sogap bar
  16.03.2024
579
Bir ýagşylykda bir sany, bir daragtda bolsa müň sogap bar

Ýetip gelýän Milli bahar baýramynyň öň ýanynda Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Karary esasynda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda badalga berilen ählihalk bag ekmek dabarasynda paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bag nahallarynyň müňlerçesi ekildi.

 

 

Ählihalk bag ekmek dabarasy ata-babalarymyzdan gelýän däbe öwrüldi. “Bir ýagşylykda bir sany, bir daragtda bolsa müň sogap bar” diýilşi ýaly bag ekmek sogaply işleriň biri hasaplanýar. Ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek boýunça alynyp barylýan işleriň netijesinde paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäheriniň töwereginde, aýratyn hem dag eteklerinde müňlerçe gektary eýeleýän tokaý zolaklary döredildi.

 

 

Ýurdumyzda alynyp barylýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatyndaky işler döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüldi. Munuň özi tebigatymyzy gorap saklamak, onuň ösüşine goşant goşmak ekologiýa arassaçylygy bilen birlikde ýaşaýşymyzyň dowamat dowam bolmagyndan nyşandyr. Sebäbi ösümlikler we baglar fotosintez hadysasynyň üsti bilen howadaky hapa gazlary we kömürturşy gazyny özüne siňdirip, biziň ýaşaýşymyz üçin zerur bolan arassa kislarody bölüp çykarýarlar.

 

 

Ýurdumyzda şeýle işleriň yzygiderli geçirilmegi, aýratyn hem oňa ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir.


Musa ŞAMYRADOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň
1-nji ýyl talyby.