Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Birinji on günlügiň jemi jemlendi
  13.06.2023
438
Birinji on günlügiň jemi jemlendi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň baş maksadynyň türkmen halkynyň abadançylygy, onuň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladadan gelip çykýar.

Döwlet derejesinde geçirilýän bu möhüm we wajyp çärä goşant goşmak we ýardam bermek maksady bilen etrabymyzyň oba hojalyk işgärlerini höweslendirmek maksady bilen  Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesi hem 2023-nji ýylda ýurdumyzda  ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny  çalt we ýitgisiz ýygnap, zähmet çekýän edermen kärendeçileriň, mehanizatorlaryň hem-de kombaýnçylaryň arasynda üç sany on günlük bäsleşikleri yglan etdi.

Birinji on günlük bäsleşigiň jeminde  etrabymyzyň Kaka Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kombaýynçylary Kerim Orazow we Begli Hangulyýew, Kaka awtoulaglar kärhanasynyň sürüjileri Mekan Orazdurdyýew we Muhammetguly Mergenow dagylar ýeňiji bolup Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesiniň  sowgady  bilen sylaglandy.

Döwlet  Baştutanymyz  tarapyndan  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe joşgunly halal zähmetiňe goýulýan  sarpanyň uludygyna göz ýetirip,  bäsleşige gatnaşyjylar  hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň aman, ömrüniň uzak bolmagyny diläp, Arkadagymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler. 

 

Aýgül SARYHANOWA,

Türkmenistanyň
Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Kaka etrap
birleşmesiniň işgäri.