logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Bitaraplyk – ak bagty aýdyň beýany
  13.12.2023
822
Bitaraplyk – ak bagty aýdyň beýany

11-nji dekabrda Aşgabatda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuky ösüşiň bähbidine gönükdirilen Bitaraplygyň dostlary toparyň ýokary derejedäki utgaşykly mejlisi geçirildi. Oňa Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, halkara we sebit derejesindäki guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar.

 

 

2020-nji ýylda döredilen bu topara häzirki wagtda 25 döwlet goşuldy. Toparyň esasy maksady halkara arenasynda, aýratyn-da BMG-niň geriminde dowamly hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda gurýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem-de olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwelik meselelerini çözmäge gönükdirilendir. 

 

 

Ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ilerletmekde we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda alyp barýan netijeli işlerine halkara derejesinde ýokary baha berilýär. Bu gezekki duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmegiň mümkinçilikleri dogrusynda we Bitaraplygyň dostlary toparynyň orny we goşandy bilen baglanyşykly pikirler alyşdylar.  

 

 

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli we netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň Bitaraplygy halkymyzyň iň asylly häsiýetleriniň aýdyň beýanydyr. 

 

 

Şatlyk ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.